Mahaçew UFC-niň altyn ellikde söweşjek ilkinji söweşijisi bolar

  • 18.04.2024 11:03
  • 18k+

70 kg çenli agram derejesinde UFC-niň häzirki çempiony russiýaly Islam Mahaçew UFC 302 ýaryşynda amerikaly Dastin Porýe bilen söweşde altyn ellikli çykyş eder. Ol promouşeniň taryhynda söweşi altyn reňkli ellikde geçirjek ilkinji söweşiji bolar. Bu barada championat.ru habar berýär.

Täze model gatylygynyň pesligi, şeýle-de manžetiň eliň bilegine berk ysnyşyp durmagy bilen tapawutlanýar. Bu bilegi şikes ýetmekden goramaga mümkinçilik berer. 
Şeýle-de, UFC-niň 300-nji belgili ýubileý ýaryşyndan öň anons eden täze ellikleriniň urgy üçin ulanylýan arka tarapy indi tikinsiz tehnologiýa boýunça taýýarlanýar. Täze ellikler öňkülerden, takmynan, 28 gram ýeňildir.
Üns berseňiz, indi her ellik reňkiniň öz manysy bar. Altyn ellikler titul söweşleri üçin niýetlenýär. Adaty gara ellikler adaty söweşlerde ulanylar. Dana White Contender Series şouwynda söweşýän söweşijilere gök ellikler berler. The Ultimate Fighter-iň gatnaşyjylaryna bolsa başga ýazgyly we başga gara öwüşginli ellikler berler. Road to UFC-ä gatnaşyjylar bolsa gyzyl ellik geýerler.


şu gün 14:40
858

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.6k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....