Türkiýäniň ilçisi: 2023-nji ýylda Türkmenistandan Türkiýä syýahatçylyk akymy 167% ýokarlandy

  • 17.04.2024 18:13
  • 13k+

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok Aşgabatdaky Türk medeniýet merkezinde bolan kabul edişlikde iki ýurduň syýahatçylyk we medeniýet pudagyndaky hyzmatdaşlygyny giňeltmek meýilnamalary barada aýtdy. Bu barada Orient portaly habar berýär.

Aýratynam, resmi statistika salgylanyp, diplomat syýahatçylyk akymynyň ep-esli ýokarlanandygyny habar berdi. Demirokuň aýtmagyna görä, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýä syýahatlarynyň sany 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 167% ýokarlanyp, 120 928 adama ýetdi.
Ýokary islegi kanagatlandyrmak üçin Turkish Airlines 2024-nji ýylyň 1-nji aprelinden Stambul – Aşgabat ugry boýunça gatnawlaryň sanyny hepdede 9 gezekden 11 gezege çenli artdyrdy diýip, Demirok belledi. “Türkmenhowaýollary” bu ugur boýunça hepdede 10 gatnaw amala aşyrýar.
Ilçi Demirok ýakyn wagtda Ankara – Aşgabat gatnawlarynyň hem işe giriziljekdigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, taraplar munuň üçin “zerur işleri alyp barýarlar”.
Geçen ýyl Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin Türkiýä inforturlar guraldy diýip, diplomat aýtdy we şu ýyl 16 – 20-nji aprelde türkmen wekilleriniň toparynyň Şanlyurfa we Gaziantep şäherlerinde taryh we gastronomiýa boýunça medeni maksatnama gatnaşýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
Medeniýet pudagynda hyzmatdaşlyk barada gürrüň etmek bilen, Demirok dialogyň işjeňleşdirilýändigini aýdyp, 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä resmi saparynyň dowamynda medeniýet pudagynda hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekilendigini ýatlap geçdi.
Şeýle-de, ilçi Aşgabatda Ýunus Emre adyndaky institutyň şahamçasyny – bütin dünýäde türk medeniýetini ösdürmek bilen meşgullanjak gaznany açmak meýilnamasy barada habar berdi.


17.06.2026 23:58
2.5k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
3.9k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......