Aşgabatda Halkara hokkeý ýaryşy: ikinji oýun gününiň netijeleri

  • 17.04.2024 13:32
  • 8.2k+

16-njy aprelde Aşgabadyň Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda Halkara hokkeý ýaryşynyň çäklerinde oýunlar dowam etdi.

“A” toparçada türkmen kluby “Galkan” Omanyň “Oman Nationals” klubuna mümkinçilik goýman, 15:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Toparçanyň beýleki bir oýnunda Eýranyň “Ice Box Iran Mall” kluby Bahreýniň “Bahrain Ice Hockey Club” klubuny 8:1 hasabynda utdy.
B toparçada Gazagystanyň “Aqmola” kluby Gyrgyzystanyň “Dordoi” klubuny 5:3 hasabynda utdy. Belorussiýanyň “Volat” kluby bolsa Türkiýäniň “Team Turkiye” klubundan 3:0 hasabynda üstün çykdy.
Şeýlelik bilen, ýaryşyň iki gününden soň “Galkan” (Türkmenistan) we “Aqmola” (Gazagystan) 6 utuk gazanyp, öz toparçalarynda öňdebaryjy boldular.
Aşgabatda Hokkeý boýunça halkara ýaryşy 20-nji aprele çenli dowam eder.


18.06.2026 14:40
4.2k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......