Gresiýada 2024-nji ýylyň Olimpiýa alawyny ýakmak dabarasy geçirildi (Foto)

  • 16.04.2024 20:11
  • 20k+

Gadymy Olimpiýada Parižde geçiriljek 2024-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlarynyň alawyny ýakmak dabarasy geçirildi. RBK-nyň Halkara Olimpiýa Komitetiniň saýtyna salgylanyp habar bermegine görä, bulutly howa sebäpli fakel esasy taýýarlykda Gün şöhleleriniň kömegi bilen alnan otdan ýakyldy. Ýokary ruhany roluny gresiýaly aktrisa Meri Mina ýerine ýetirdi.

Dabara Gresiýanyň Prezidenti Katerina Sakellaropulu, HOK-yň ýolbaşçysy Tomas Bah, Parižiň häkimi Ann Idalgo we beýleki resmi şahslar gatnaşdy. Ilkinji fakeli göteriji akademiki kürekleme boýunça Tokionyň Olimpiýa çempiony Stefanos Duskos boldy.
Umuman alanyňda, alawy 600-den gowrak fakel göteriji göterer. Estafeta Gresiýada badalga alýar, 8-nji maýda bolsa alaw Marsele eltiler. Alawyň Lasko gowagyndan, Aleziýanyň arheologiki ýadygärliklerinden, orta asyr Karkasson şäherinden, Wersal köşgünden we Fransiýanyň beýleki köp sanly gözel ýerlerinden geçmegine garaşylýar.
2024-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy 26-njy iýulda Parižde geçiriler.


26.06.2026 20:10
9k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

06.05.2026 23:46
2k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....