HYY we ÖU-nyň talyplary Rumyniýadaky matematika olimpiadasynda altyn, kümüş we bürünç medallary gazandylar

  • 15.04.2024 15:53
  • 17k+

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetiniň talyplary (HYY we ÖU) 9-njy aprelden 14-nji aprel aralygynda Rumyniýanyň Ýassy şäherinde geçirilen matematika boýunça SEEMOUS 18-nji talyplar olimpiadasynda 5 medal gazandylar. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň saýtynda habar berilýär.

9 ýurduň 27 uniwersitetinden ýüzden gowrak talybyň gatnaşmagynda geçen abraýly intellektual bäsleşikde Medine Ödäýewa altyn medala mynasyp boldy. Nurmyrat Ataýew we Myratgeldi Annamuhammedow kümüş medallaryň, Azymgeldi Şyhow we Döwletmyrat Esenow bürünç medallaryň eýeleri boldular.
HYY we ÖU-nyň toparyny ýeňiş üçin tejribeli mugallymlar Pirmyrat Gurbanow we Myrat Çäşemow taýýarlady.
Günorta-Gündogar Ýewropanyň Matematika jemgyýeti, Ýassynyň tehniki uniwersiteti “George Asaki” we Rumyniýanyň Matematika jemgyýeti tarapyndan guralan SEEMOUS olimpiadasy her ýyl zehinli talyplary olaryň geljekki ösüşini höweslendirmek we täze halkara gatnaşyklary döretmek maksady bilen ýygnaýar. Olimpiada bakalawr maksatnamasy boýunça okaýan birinji we ikinji ýyl talyplary gatnaşdy.


düýn 23:39
683

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.7k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......