Şu tomus Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýylyny açmak meýilleşdirilýär

  • 15.04.2024 14:01
  • 2.4k+

Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýylyny geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin HHR-iň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Çžan Çžen bilen duşuşdy. Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy şu ýylyň tomsuna meýilleşdirilýär.

Taraplar bu wakanyň iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähmiýetini nygtadylar. Medeniýet ýylynyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna aýratyn üns berler. Şahyryň ýubileýi mynasybetli Pekiniň daşary ýurt dilleri institutynyň goldawy bilen türkmen şahyrynyň goşgularynyň hytaý diline terjimesi taýýarlanar.
Ilçi Durdyýew Hytaýyň Atçylyk assosiasiýasynyň gatnaşmagynda hem bilelikde çäre guramagy teklip etdi. Beýleki teklipleriň arasynda Hytaýda Magtymgulynyň ýadygärligini açmak, Beýik Ýüpek ýoly barada spektakl görkezmek bar.
Hytaýyň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary 2023-nji ýylda geçirilen Türkmenistanda Hytaýyň Medeniýet ýylynyň uly üstünligini belläp, Hytaýda geçiriljek bu çäräniň hem az netije bermejekdigine ynam bildirdi.
Şeýle-de, ol Türkmenistanyň ilçisini 22-nji aprelden 26-njy aprel aralygynda Şandun welaýatynda geçiriljek daşary ýurt diplomatlary üçin ýyllyk çärä çagyrdy.
Ýatlap geçsek, fewral aýynda Aşgabatda Türkmenistanda Hytaýyň Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçirildi.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

düýn 11:02
1.6k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......