Amerikalylardan soň, Aýa ilkinji bolup Ýaponiýanyň wekili aýak basar

  • 15.04.2024 06:25
  • 7.2k+

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden “Artemida” maksatnamasynyň çäginde Aýa Ýaponiýadan astronawt ibermegiň meýilleşdirilendigini habar berdi. Şeýlelik bilen, ýaponiýaly astronawt Ýeriň tebigy hemrasynyň üstüne amerikalylardan soň aýak basan ilkinji adam bolup biler diýip, TASS habar berýär.

“Biz [gepleşiklerde] Ýaponiýa bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ylym-bilim ugrundaky gatnaşyklary tassykladyk... Ýapon astronawtlary Amerikanyň geljekki missiýalaryna goşularlar, olaryň biri bolsa Aýa düşjek ilkinji amerikaly däl astronawt bolar" diýip, Baýden Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kişidanyň 2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde Waşingtona sapary wagtynda eden çykyşynda belläp geçdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary ozal onýyllygyň ahyryna çenli ABŞ-nyň raýaty bolmadyk astronawtlary Aýa ibermek meýilnamasyny yglan edipdi. Şeýle-de bolsa, ýapon astronawtynyň ady we uçjak senesi entek belli däl.
“Artemida” maksatnamasynyň çäginde astronawtlaryň Aýyň ýüzüne gonjak ilkinji missiýasynyň (“Artemida III”) 2026-njy ýyla meýilleşdirilendigini ýatladýarys. Soňra ilkinji zenan we ilkinji afroamerikaly Aýa gonmaly.


düýn 15:08
2k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 18:54
4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......