Pereýra titul söweşinde Hilli nokauta gidirdi

  • 14.04.2024 14:40
  • 21k+

Braziliýaly Aleks Pereýra amerikaly Jamal Hilli birinji raundda nokauta gidirip, ýarym agyr agramda UFC-niň çempiony titulyny saklady. Söweş Paradaýs şäherinde geçirilen ýubileý UFC 300 ýaryşynda agşamyň esasy wakasy boldy.

Pereýra güýçli urgy bilen Hilli kanwasa gidirdi. Emin nokauty hasaba aldy.
Söweşden soň UFC-niň prezidenti Dana Uaýt braziliýaly söweşijiniň ýaryşdan iki hepde öň alan aýak şikesi bilen söweşendigini habar berdi. Pereýranyň külbike barmagy döwüldi.
Bu ýeňiş 36 ýaşly Pereýra üçin professional karýerasynda onunjy boldy. Ol 2022-nji ýylyň ahyrynda Israel Adesanýadan bäşinji raundda nokaut arkaly guşagy alyp, orta agramda çempion boldy, ýöne indiki söweşinde Pereýra rewanşda guşagyny ýitirdi. Şondan soň braziliýaly ýarym agyr agrama geçdi we onda çehiýaly Irži Prohazka bilen söweşde UFC-niň erkin çempion titulyny gazandy (ikinji raundda nokaut arkaly ýeňiş).


07.06.2026 20:02
6.8k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
6.9k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......