Hytaý sement öndürijisiniň paýnamalary 15 minutda 99% pese gaçdy

  • 14.04.2024 14:34
  • 8.5k+

Hytaýyň sement öndürijisi China Tianrui Group Cement Co.-iň paýnamalary 15 minutda 99% pese gaçdy, şondan soň çarşenbe güni söwda togtadyldy diýip, Bloomberg ýazýar.

Gymmatyň peselmegi, takmynan, 281 million paýnamanyň satylan söwdalaryň gidýän döwründe boldy, bu kompaniýanyň paýnamalarynyň üçden bir bölegini emele getirýär. Söwda sessiýasynyň soňky minutlarynda olaryň 80 milliondan gowragy satyldy.
Tianrui-nyň paýnamalarynyň pese gaçmagy köp paýnamanyň jemlenen az tanalýan hytaý kompaniýalaryna, şeýle hem paýnamalary karz bermek üçin girew hökmünde ulanýanlara mahsus töwekgelçilikleriň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr.
Bloomberg-iň berýän maglumatlaryna görä, Hytaýyň jaý gurujylardyr gurluşyk firmalary çynlakaý kynçylyklara sezewar bolýan gozgalmaýan emläk pudagynda görlüp-eşidilmedik çökgünlik bilen ýagdaý hasam agyrlaşýar.
Tianrui hem öz gezeginde 97 million paýyny (umumy mukdarynyň 3,3%) 166,5 million ýuan möçberinde 12 aýlyk karzyny üpjün etmek üçin girew hökmünde goýdy. Şeýle-de bolsa, gozgalmaýan emläk bazaryndaky çökgünlik, bäsdeşligiň ýokarlanmagy we çig mal üçin çykdajynyň artmagy bilen bagly islegiň azalmagy sebäpli bu kompaniýa geçen ýyl 634 million ýuan arassa ýitgi çekdi.
Tianrui -niň bazar kapitalizasiýasy 141 million dollara (18 million dollar) çenli pese düşdi.


12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.7k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....