Türkmenistanda haýyr-sahawat maksady bilen meýletin tölegleri nagt däl görnüşde geçirip bolar

  • 13.04.2024 09:05
  • 13k+

“Senagat” paýdarlar täjirçilik banky “Senagat töleg” ykjam programma üpjünçiligini işläp taýýarlady. Onuň kömegi bilen ýurdumyzyň raýatlary haýyr-sahawat serişdelerini geçirmek üçin nagt däl görnüşinde töleg etmek hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. Bu hyzmaty girizmek baradaky teklibi wise-premýer H.Geldimyradow anna güni Hökümet mejlisinde hödürledi.

Mejlisiň barşynda H.Geldimyradow ýurdumyzda haýyr-sahawat etmek maksady bilen, menzilara töleg etmek hyzmatlaryny işe girizmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda hereket edýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldamagynda howandarlyga mätäç çagalara ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän çagalaryň bejergileri, lukmançylyk maksatly serişdeleri satyn almak üçin pul serişdeleri yzygiderli bölünip berilýär.
Gaznanyň goldaw bermeginde birnäçe döwletlere ynsanperwerlik kömekleri berildi. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň adyna daşary ýurtlardan, şeýle hem BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasyndan hoşallyk hatlary gelip gowuşdy. Şol hatlarda döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda bu düzümiň ähmiýetli orny nygtalýar.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan haýyr-sogaply işlerini aýratyn belledi. Gaznanyň goldawy bilen howandarlyga mätäç çagalara yzygiderli ýardam edilýär. Daşary ýurtlaryň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleri iberilýär. Serdar Berdimuhamedow raýatlarymyzyň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, gaznanyň hasabyna meýletin haýyr-sahawat serişdelerini sanly ulgam arkaly tölemek baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 16:30
580

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
724

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......