iPhone 16 Apple-iň iň reňkli smartfon hatary bolar

  • 13.04.2024 16:48
  • 15k+

Apple-iň iPhone 16 Plus smartfony ýedi reňkde hödürlenip bilner. Olardan bäşisi adaty iPhone 15 hatarynyň bezeg görnüşlerini gaýtalar, galan ikisi täze bolar. Bu barada hytaýly insaýderlere salgylanyp, MacRumors neşiri habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Şeýlelikde, iPhone 16 Plus gök, gülgüne, sary, ýaşyl, gara, ak we benewşe reňkleri alar. Deňeşdirmek üçin: iPhone 15 Plus soňky ikisinden başga sanalyp geçilen ähli reňklerde bar.
Ýöne häzirlikçe göz öňünde tutulýan wariantlaryň iPhone 16 Plus üçin doly ýa-da bölekleýin eksklýuziw boljakdygy ýa-da olaryň iPhone 16 üçin hem elýeterli boljakdygy belli däl. Iki modeliň hem, garaşylyşy ýaly, meňzeş boljakdygyny göz öňünde tutsaň, iPhone 16 Plus-yň ähli reňkleri esasy iPhone 16-yny alyjylar üçin hem elýeterli bolsa gerek.
iPhone 16 Pro modelleri barada aýdylanda, olar täze “kosmiki gara” we “gülgüne” reňklerinde peýda bolup biler. Häzirki wagtda iPhone 15 Pro-nyň alan Blue Titanium reňki täze gülgüne reňkiň peýdasyna iPhone 16 Pro hataryndan aýrylyp bilner. Şonuň bilen birlikde, “gara kosmos” Black Titanium-yň ornuny çalşar.


21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....