Konferensiýalar ligasynyň 1/4 finaly: “Fenerbahçe” uly ýeňlişden gaçdy, “Aston Willa” “Lilli” utdy

  • 12.04.2024 12:56
  • 10k+

11-nji aprelde UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň 1/4 finalynyň ilkinji oýunlary geçirildi. Ilkinji iki oýun 21:45-de (Aşgabat wagty bilen) başlady. Beýleki iki oýun ýarygije (Aşg.) başlady.

Şeýlelikde, Gresiýanyň “Olimpiakosy” Türkiýäniň “Fenerbahçe” toparyny kabul etdi. Ýer eýeleri 3:2 hasabynda ýeňiş gazandylar. Stambul klubunyň oýunçylary diňe üçünji goldan soň yza galyşy azaltmak bilen, uly ýeňlişden halas bolmagy başardylar, ýöne artyk gol geçirip bilmediler.
Çehiýanyň “Wiktoriýa Plzen” bilen Italiýanyň “Fiorentino” toparlarynyň arasyndaky oýun 0:0 hasabynda tamamlandy.
Gijeki oýunlarda “Aston Willa” öz meýdançasynda Fransiýanyň “Lill” toparyny 2:1 hasabynda utdy, Belgiýanyň “Brýuggesi” bolsa Gresiýanyň “PAOK-yndan” 1:0 hasabynda üstün çykdy.

Duşuşyklaryň netijeleri:

  • ·Olimpiakos – Fenerbahçe (3:2) – Fortunis, Ýowetiç, Şikinýu – Tadiç, Kahweji)
  • ·Wiktoriýa Plzen – Fiorentino (0:0)
  • ·Aston Willa – Lill (2:1) – Uotkins, Makginn – Diakite
  • ·Brýugge – PAOK (1:0) – Wetlesen

Bu toparlaryň arasyndaky jogap oýunlary 18-nji aprelde geçiriler.


şu gün 08:32
1.8k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

düýn 16:30
8.2k+

Duýgy ýeňermi akyl?: Muny bu gije DÇ-2026-nyň 1/16 final tapgyrynyň iň gyzykly oýunlary görkezer

Dünýä çempionatynyň 2026-njy ýyldaky 1/16 final tapgyry janköýerlere dürs usullara baý hüjümler, belent sesli beýanatlar we ýyldyzlaryň hantamaçylykly gaýdyp gelişlerinden doly gyzykly futbol duşuşyklaryny......

düýn 13:18
5.2k+

DÇ-2026: Kanada soňky minutlarda gol geçirip, 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyň 1-nji oýny geçirildi. ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki «Soý-Faý» stadionynda geçirilen oýunda Kanadanyň ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, 1/8......

düýn 09:11
4.5k+

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......