Türkmenistanly ştangaçy silterläp götermekde altyn medal we Olimpiýa oýunlaryna ýollanma gazandy

  • 11.04.2024 16:02
  • 17k+

23 ýaşly türkmen agyr atletikaçysy Dawranbek Hasanbaýew Phuketde geçýän agyr atletika boýunça Dünýä kubogynda silterläp götermekde altyn medal gazandy we netijede Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlary - 2024-e gatnaşmak mümkinçiligini üpjün etdi.

102 kg-a çenli agram derejesinde medal ugrunda 40 türgen bäsleşdi. Hasanbaýew 187 kg agramdaky ştangany silterläp göterip, hemmelerden öňe saýlandy. Itekläp götermekde ol 14-nji netijäni görkezdi (205 kg). Ikisiniň jemi boýunça Dawranbek 5-nji ýerde ýerleşdi (392 kg).
Hasanbaýew Er-Riýadda Dünýä çempionaty - 2023-de görkezen öňki iň gowy görkezijisini 19 kg geçdi. Ol "aýratyn yhlas bilen türgenleşendigini" aýtdy we indiki maksady edip, Olimpiadada medal gazanmagy goýdy.
Belläp geçsek, bu agram derejede altyn medaly hytaýly Lýu Huanhua eýeledi - 413 kg (181+232). Ol itekläp götermekde we iki agramyň jemi boýunça iki sany dünýä rekordyny goýdy.


26.06.2026 20:10
8.7k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......