Dünýä ummanynyň düýbündäki plastigiň möçberi hasaplandy: onuň möçberi 11 million tonna bolup biler

  • 11.04.2024 13:43
  • 11k+

Awstraliýanyň milli ylym agentligi CSIRO-nyň we Toronto uniwersitetiniň (Kanada) alymlary dünýä ummanynyň düýbünde näçe plastik galyndylaryň toplanandygyny anyklamak üçin gözleg geçirdiler. Netijeler zibiliň umumy mukdarynyň 11 million tonna ýetip biljekdigini görkezdi.

«Biz ummanyň düýbüniň plastik zibilleriň uly böleginiň toplanan ýerine öwrülendigini gördük. Çak edilişine görä, oňa 3 – 11 million tonna aralygynda plastik düşýär» diýip, ylmy işiň awtorlary bellediler.

Alymlar plastigiň agramly böleginiň kontinentleriň töwereginde ýygnanýandygyny bellediler. Zibilleriň takmynan ýarysy (46%) 200 metre çenli çuňlukda ýerleşýär. Galan 54%-i bolsa 200-den 11 müň metre çenli çuňlukda ýerleşýär.
Umuman alanyňda, ummanyň düýbündäki plastigiň göwrümi suwuň ýüzünde ýüzýän plastikden takmynan 100 esse köpdür diýip, CSIRO-nyň web sahypasynda habar berilýär.


07.06.2026 10:07
3.6k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

21.05.2026 22:52
8.4k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

20.05.2026 12:56
2.7k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......