Çaga iýmitlerini öndürýän Nestle garry adamlar üçin hem iýmit önümlerini çykarmaga girişýär

  • 04.06.2024 15:58
  • 7.4k+

Çagalar üçin iýmit önümlerini öndüriji kompaniýa hökmünde tanalýan Nestle garry adamlar üçin ýörite niýetlenen azyk önümleriniň önümçiligine üns berip başlandygyny mälim etdi. Nestle-niň ýerine ýetiriji müdiri Mark Şnaýderiň aýtmagyna görä, bütin dünýäde ilatyň garramagy kompaniýanyň bu ugra üns bermegine getirdi.

“Biz çaga dogluş derejesiniň uzak möhletleýin azalyş tendensiýasyny görýäris. Geljek 10-20 ýylda dünýäniň köp ýurtlarynda 50 ýaşdan uly ýaş topary ep-esli artar. Şuny we bu ýaş toparynyň aýratyn iýmit zerurlyklaryny göz öňünde tutsak, biziň uly mümkinçiligimiz bar” – diýip, Şnaýder Financial Times bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ol Nestle-niň sagdyn agramy saklamak, myşsa massasyny goramak, iýmit maddalarynyň ýetmezçiliginiň öňüni almak we ganda şekeriň derejesini gözegçilikde saklamak ýaly garry adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmäge gönükdirilen iýmit önümlerini öndürýändigini belledi. 
Şol bir wagtyň özünde, kompaniýanyň ýolbaşçysy Nestle-niň adaty ugrundan – çagalar iýmitinden ýüz öwürmeýändigini aýtdy. Ýöne kompaniýa garry adamlar üçin iýmit önümlerini mundan beýläkki ösüşiniň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplaýar.
FT-niň maglumatlaryna görä, soňky 15 ýylda iň uly iýmit önümlerini öndürijiler, şol sanda Nestle, Danone fransuz we Mars amerikan kompaniýalary azyk önümçiliginden ýörite iýmit, öý haýwanlaryna ideg we kofe ýaly çalt ösýän pudaklara geçdiler. Gazetiň maglumatlary boýunça, geçen ýyl bu kategoriýanyň (çagalar iýmitini hem öz içine alýar) paýyna Nestle-niň girdejisiniň 15%-i, Danone-yň girdejisiniň ýarysy düşdi. Şol bir wagtyň özünde, ulular we bejergi iýmitleri Şweýsariýa kompaniýasynyň girdejisiniň 30%-ini, Danone-yň girdejisiniň 20%-ini emele getirdi.

şu gün 20:25
64

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

şu gün 20:02
657

Türkiýede bir aýal ýalňyşlyk bilen 1 kg altyny zibile zyňdy

Türkiýäniň Bursa şäheriniň Ýyldyrym etrabynda ýaşaýan bir aýal içinde takmynan 133 müň dollar gymmatynda bir kilogram altynly poletilen torbany ýalňyşlyk bilen zibile oklady. CNN Türk-üň habar bermegine görä,......

şu gün 16:55
1.7k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

şu gün 15:06
1.4k+

Ryanair awiakompaniýasy ene-atalara çagalarynyň ýanynda mugt oturmaga rugsat berdi

Irlandiýanyň Ryanair awiakompaniýasy Beýik Britaniýanyň Bäsdeşlik we bazarlar boýunça edarasynyň (CMA) derňew işine başlamagyndan soň, uçaryň bortunda maşgala agzalaryny oturtmagyň düzgünlerini üýtgetdi.......