Samsung Galaxy S24 Ultra-nyň kamerasynyň üçünji täzelenmesi ähli kemçilikleri ýeňip geçer

  • 10.04.2024 22:22
  • 9.7k+

Samsung flagman smartfony bolan Galaxy S24 Ultra-nyň kamerasy üçin üçünji täzelenmäni taýýarlaýar. Bu barada abraýly insaýder Ice Universe habar berdi.

Täzelenme telefonyň kamerasynyň hilini ýokarlandyrar, ak reňkiň deňagramlylygyny has takyklaşdyrar we käwagt suratlarda görünýän adaty bolmadyk gyzyl reňkiň mukdaryny azaldar.
Üçünji täzelenmäniň goýberiljek senesi entek belli däl, ýöne Sammobile çeşmesi onuň maý ýa-da iýun aýlarynda çykjakdygyny çaklaýar.
Galaxy S24 Ultra-nyň ozalky esasy kamera täzelenmesi ak reňkiň deňagramlylygyny we täsir ediş meselelerini, şeýle hem Expert RAW programmasynda ýagtylygyň pes şertlerinde suratyň hilini we reňk takyklygyny gowulandyrdy.
Üçünji täzelenmäniň smartfonyň kamerasyna surata düşürmegiň täze AstroPortrait režimini goşmagy ähtimal.
Ice Universe – Samsung-yň täze önümleri barada ygtybarly maglumatlary birnäçe gezek neşir eden meşhur insaýder. Ol şarlawuk ekranly smartfonlaryň trendi, iPhone X -daky çýolka, iPhone 14-iň täze dizaýny we Samsung-yň 200 megapiksel şekil datçigi barada ilkinji bolup habar berdi. 


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...