Türkmenistanly agyr atletikaçy Maksat Meredow Phuketdäki dünýä Kubogynda kümüş medal gazandy

  • 08.04.2024 15:55
  • 11k+

23 ýaşly türkmen agyr atletikaçysy Maksat Meredow Phuketde (Tailand) geçirilýän dünýä Kubogy 2024-üň kümüş medalynyň eýesi boldy. Bu barada Halkara agyr atletika federasiýasynyň saýtynda habar berilýär.

81 kg çenli agram derejesinde Meredow silterläp götermekde 146 kg, itekläp götermekde 182 kg netijäni görkezdi. Iki ýaryşyň netijesinde 328 kg görkeziji bilen ol kanadaly Samuel Guertinden öňe geçip, KHDR-nyň wekili Ri Çong Songdan bolsa yza galyp, kümüş medal gazandy.
Bu häzirki agram derejede Meredowyň karýerasynda iň gowy netijedir.
Agyr atletika boýunça dünýä Kubogy 2024-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlary üçin saýlama tapgyrlarynyň jemleýjisidir.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.5k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....