Iň seýrek Lamborghini Veneno alyjy tapylanok

  • 08.04.2024 05:49
  • 23k+

Seýrek duş gelýän Lamborghini Veneno Roadster superkary SBX Cars onlaýn-bazarynda satuwa çykarylýar. Bu öndürilen dokuz nusganyň ikinjisidir. Bahasy takyk aýdylmaýar, ýöne Dubaýdaky VIP Motors söwda dellaly 2022-nji ýyldan bäri edil şonuň ýaly ulagy 9,5 million dollara satmaga synanyşýar diýip auto.ru habar berýär.

Veneno Roadster 2015-nji ýylda çykdy. Onuň kuzowynyň we salonynyň özüne mahsus dizaýny bar: açyk ýaşyl öwüşginli tutuksy gara. Superkar 750 at güýjüni öndürýän 6,5 litrlik V12 bilen enjamlaşdyrylandyr. 2,9 sekuntda 100 km / sag-a çenli  tizlik alýar, iň ýokary tizligi sagatda 355 km.
Awtoulag öz ömründe iki gezek eýesini çalşypdyr. Satyjynyň sözlerine görä, olaryň biri Saud Arabystanynyň şa maşgalasynyň agzasy eken.
Veneno Roadster-iň näme üçin alyjy tapyp bilmeýändiginiň sebäbi görkezilmeýär. 2020-nji ýylda ony RM Sotheby's auksionynda 4,5-5,5 million ýewro satmaga synanyşdylar, ýöne şowsuz boldy.
Superkaryň geçen ýoly 1778 km.


10.06.2026 11:18
5.5k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

16.05.2026 18:14
4.5k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

11.05.2026 11:24
2.6k+

Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......