Samsung 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde girdejisiniň on esse ösendigini hasaba aldy

  • 07.04.2024 15:48
  • 3.6k+

Günorta Koreýanyň Samsung Electronics kompaniýasy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde amal girdejisiniň on esse ýokarlanandygyny habar berdi. Kompaniýanyň baha bermegine görä, girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 931% köpelip, 4,89 milliard dollar boldy diýip, Reuters ýazýar.

Girdejiniň ösüşi çip bahalarynyň, güýçli aşak düşmeden soň, ýene öňki kaddyna gelmegi  bilen baglanyşyklydyr. Bu emeli aňyň ösmegi bilen serwerlere we agzalan  çipleri ulanýan beýleki enjamlara bolan islegi artdyrýar.
Samsung-yň birinji çärýekdäki girdejisi 11 göterim ýokarlap, 71 trillion won boldy, bu seljerijileriň çaklamasyndan biraz pesdir.
2023-nji ýylda Samsung-yň 2010-njy ýyldan bäri ilkinji gezek smartfon bazarynda öňdebaryjylygyny Apple-e berendigini ýatladýarys.
CES 2024-de sergisinde Samsung dünýäde ilkinji dury MicroLED ekrany bilen tanyşdyrdy. Bu tehnologiýa displeý pudagy üçin öwrülişik bolup biler.


düýn 20:25
2.7k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......