Honor indi Huawei-e degişli däl: kompaniýanyň satuwy tamamlandy

  • 06.04.2024 05:55
  • 5k+

Hytaýyň Huawei korporasiýasy golçur kärhanasy bolan Honor kompaniýasynyň satuwynyň tamamlanandygy barada habar berdi.

Firmanyň ýyllyk hasabatynda Honor kompaniýasynyň we onuň ähli serişdeleriniň satuwynyň ýapylandygy aýdylýar. Materiallarda Honor-yň täze eýesiniň kompaniýanyň emläklerini möhletlere bölüp tölemek esasynda satyn alandygy görkezilýär. Şeýle-de bolsa, Huawei söwdanyň soňky ahyrky mukdaryny mälim etmedi.
Shenzhen Zhixin New Information Technology Co. Ltd. korporasiýasy tarapyndan Honor kompaniýasyny we beýleki şahamçalary satyn almak baradaky şertnama 2020-nji ýylda başlandy. Huawei 2019-njy ýylyň maý aýyndan başlap ABŞ bilen gatnaşyklaryň ýaramazlaşandygy sebäpli kompaniýany satmaga mejbur boldy.
Huawei smartfon öndürýän golçur kompaniýasyny satmak bilen, häzirki şertlerde Honor-yň önümçilik üçin zerur bolan möhüm esbaplara elýeterliligini ýitirjekdigini boýun aldy. Žurnalistleriniň pikiriçe, hytaý korporasiýasy şeýle etmek bilen golçur kärhanasyny gorady.


27.05.2026 15:34
2.6k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.7k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

27.02.2026 12:03
1.5k+

Huawei 2025-nji ýyly 127 milliard dollar rekord girdeji bilen tamamlady

2025-nji ýylyň netijeleri boýunça Huawei-iň girdejisi 127 milliard dollara ýetdi. Bu görkeziji kompaniýanyň 2020-nji ýyldaky, ýagny sanksiýalardan öňki derejesine laýyk gelýär diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär...

17.01.2026 14:38
3.9k+

Huawei Apple-den öňe geçip, 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjy boldy

Huawei 2025-nji ýylyň jemi boýunça soňky bäş ýylda ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjylygy gaýdyp aldy. Muny South China Morning Post-a salgylanýan IDC analitiki kompaniýasynyň maglumatlary delillendirýär...