Ýürek şekilli göreji bolan gurbagalar tapyldy. Alymlar munuň näme üçin şeýledigini bilenoklar

  • 05.04.2024 13:03
  • 17k+

Biologlar käbir ýerde-suwda ýaşaýan jandarlaryň göreçleriniň şekilinde bilesigelijilik döredýän gyşarma üns berdiler. Alymlar gözlegiň dowamynda 3 200 görnüşiň suratyny gözden geçirmek bilen, bu toparda görejiň esasy ýedi şekiliniň bardygyny kesgitlediler. Olaryň arasynda ýüregiň şekili hem bar diýip, NV neşiri ýazýar.

Palçykda ýaşamaga gowy uýgunlaşan sary garynly gurbagalar (Bombina sp.) şeýle  aýratynlyga eýedir. Bu ýerde-suwda ýaşaýanlaryň üsti goňur, asty açyk sarydyr. Gyşda olar uka gidýärler we ýaz möwsüminde bolsa jübütleşmek üçin oýanýarlar. Belki, bu döwürde işjeňleşen mahallarynda olaryň göreçleriniň ýürek şekiline geçýän  bolmagy mümkin.
Adatça, süýdemdirijileriň göreçleriniň şekili olaryň gündelik işjeňligine we iýmitlenişine baglydyr. Ot iýýän haýwanlaryň göreji, köplenç, kese, gündiz gezýän ýyrtyjylaryňky tegelek, gije gezýän we aritmiki ýyrtyjylaryňky bolsa dik yşgalaňly bolýar. Şeýle-de bolsa, bu kanunalaýyklyklar guýruksyz ýerde-suwda ýaşaýanlara  degişli däldir. Suwda ýaşaýan guýruksyzlar, köplenç, tegelek göreçli bolýar.
Alymlar: "Amfibiýalarda göreçleriň ösüşiniň beýleki bolup biläýjek faktorlaryny öwrenmek zerurdyr" diýýärler. Gurlawuklaryň göreçleriniň näme sebäpden ýürek şekilli bolýandygyny olar entek bilenoklar.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....