Toyota meşhur Corolla modeliniň täze sport görnüşini hödürledi

  • 04.04.2024 22:58
  • 18k+

Toyota meşhur Corolla modeliniň täze sport görnüşini hödürledi. Auto.ru-nyň ýazmagyna görä, täze önüme Active Sport diýilýär.

Daşyndan seredeniňde awtoulag has haýbatly dizaýna eýe: täze öň bamper, radiatoryň gözenegi has uly, gapy esbaplary we üýtgeşik 17 dýuýmlyk teker diskleri. Reňk palitrasy üç reňk bilen çäklenýär: gara üçek bilen sazlaşdyryp bilinjek gara, ak we çal reňkli.
Salonynda sport äheňli öňdäki oturgyçlary täze kellegoýarly, eko-deri we mata bilen bezelen, şeýle hem metal elementli bezegleri bar.
Active Sport-yň esasy aýratynlygy – dolandyrylyşyny we dinamikasyny gowulandyrmak üçin täzeden sazlanan podweska we dest. Kuwwat beriş enjamy üýtgewsiz galdyryldy – 1,8 litrlik hereketlendiriji.
Täze wersiýa diňe Corolla-nyň sedan we uniwersal görnüşi üçin elýeterlidir. Hetçbekde eýýäm 300 at güýji turbo hereketlendirijisili “zarýadlanan”GR wersiýasy bar we GR Sport wersiýasy Ýewropada hödürlenýär.
Öň tekeri hereketli Toyota Corolla Active Sport sedany Ýaponiýada 3,14 million iýen (häzirki walýuta hümmeti boýunça 20 725 dollar), tekerleri doly hereketli sedanyň bahasy 3 338 300 ýen (22 032 dollar). Öň tigri hereketli Toyota Corolla Active Sport uniwersalynyň bahasy 3 190 300 iýen (21 055 dollar), tekerleri doly hereketlisi – 3 388 300 ýen (22 362 dollar).


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......