Türkmen agyr atletikaçylary Olimpiada-2024-e ýollama almak üçin Phuketdäki dünýä Kubogyna gatnaşýarlar

  • 03.04.2024 15:40
  • 17k+

Türkmenistanly agyr atletikaçylar 2-nji aprelden 11-nji aprel aralygynda Phuketde (Tailand) geçiriljek dünýä Kubogynda medallar we Olimpiýa ygtyýarnamalary üçin bäsleşerler. Ýaryşa 110 ýurtdan 459 türgen gatnaşýar. Olar on erkek we on zenan agram derejelerinde baýrak ugrunda bäsleşerler.

Phuketdäki dünýä kubogy Parižde geçiriljek Olimpiada – 2024-e saýlanmagyň jemleýji tapgyrydyr. Bäş Olimpiýa kategoriýasynyň her birinde (erkekler we zenanlar) 12 türgen çykyş edip bilýär.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine dokuz agyr atletikaçy girdi:
Zenanlar: Kristina Şermetowa (59 kg çenli), Anamjan Rustamowa (81 kg çenli).
Erkekler: Seýitjan Mirzaýew (61 kg çenli), Bunýad Raşidow, Bektimur Reýimow (ikisi-de 73 kg çenli), Maksat Meredow (81 kg çenli), Gaýgysyz Töräýew, Şatlyk Şöhradow (ikisi-de 89 kg çenli), Döwranbek Hasanbaýew, Şahzadbek Matýakubow (102 kg çenli) we Hojamuhammet Toýçyýew (109 kg-den ýokary).
Iki aý mundan öň Daşkentde geçirilen Aziýanyň çempionatynda Anamjan Rustamowa (81 kg çenli) silterläp götermekde bürünç medal, Gaýgysyz Töräýew bolsa (81 kg çenli) itekläp götermekde we iki görnüşli ýaryşda iki bürünç medal gazandy.
Phuketde geçiriljek dünýä Kubogynda Gaýgysyz Töräýew özi üçin täze Olimpiýa kategoriýasynda – 89 kg çenli agram derejesinde ilkinji gezek çykyş eder.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.5k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....