Aşgabatda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady

  • 03.04.2024 12:34
  • 3.1k+

Şu gün, 3-nji aprelde Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda "ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmagyň, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmegiň, esasan-da, halkyň sarp edýän harytlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmagyň häzirki döwürde söwda toplumynyň öňünde durýan esasy wezipelerdigini belledi".

"Sergide ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň ösüşine, hususy önüm öndürijileriň eksport mümkinçiliklerine aýratyn orun berilýär. Çünki biz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleriň öndürilişini artdyrmak, täze senagat ugurlaryny döretmek boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde türkmen telekeçilerine bil baglaýarys we munuň üçin ähli zerur şertleri döredýäris.
Bu alnyp barylýan tutumly işleriň netijesinde, Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy barha ösdürilýär. Harytlarymyzyň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanyp, ýurdumyzyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny berkitmekde, daşary söwdany giňeltmekde oňat netijeler gazanylýar. «Türkmenistanda öndürilen» nyşanly harytlar bu gün dünýä bazarlarynda giňden tanalýar we ýokary hili, ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar" diýlip Gutlagda bellenilýär.

Sergi 5-nji aprele çenli dowam eder.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......