Halkara energetika agentligi: Emeli aň 2034-nji ýyla çenli energiýa sarp edilişini 500% ýokarlandyrar

  • 03.04.2024 13:01
  • 5.9k+

Halkara energetika gullugy (HEG) ýakyn 10 ýylda emeli aňyň (AI) energiýany sarp edişiniň 500% artjakdygyny çaklaýar. Bloomberg-iň habar bermegine görä, bu hasaplaýyş kuwwatynyň ep-esli ýokarlanmagyny talap edýän AI-niň ösmegi bilen baglanyşykly.

Mysal üçin, Beýik Britaniýada maglumat merkezleriniň elektrik energiýasyna bolan islegi alty esse ýokarlanyp biler. National Grid Plc. kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Jon Pettigrýuwyň sözlerine görä, ýyladyş ulgamynyň, ulaglaryň we senagatyň elektrikleşdirilmegi bilen bagly onsuzam kynçylyk çekýän ýurduň elektrik energiýasy ulgamyna ep-esli agram salar.
HEG-iň çaklamagyna görä, bütin dünýäde ýakyn üç ýylda maglumat merkezleriniň, AI-niň we kriptowalýutanyň elektrik energiýasyna islegi iki esse artyp biler. Munuň özi energiýa ulgamlarynyň giňeldilmegi üçin ep-esli maýa goýumlaryny talap eder.
Beýik Britaniýada National Grid 800 kilowolta çenli naprýaženiýeli ultra ýokary woltly tor döretmek mümkinçiligini öwrenýär. Bu iri energiýa çeşmelerini we isleg merkezlerini birleşdirmek bilen, tutuş ýurt boýunça elektrik energiýasyny giň köpçülik üçin geçirmäge mümkinçilik berer.
Şonuň bilen birlikde, Dubaýda geçen COP26-da dünýäniň ähli ýurtlary gazylyp alynýan ýangyçdan tapgyrlaýyn ýüz öwürmek barada ylalaşdylar. Munuň özi energiýa torlarynyň diňe bir giňeldilmeli bolman, eýsem ekologiýa taýdan has arassa bolmalydygyny aňladýar.
Beýik Britaniýanyň Energetika ministrliginiň öňünde durýan esasy päsgelçilik – energiýa ulgamynyň gurluşygy. Bu gaty gymmada düşýän iş, ýöne ol AI-niň we beýleki tehnologiýalaryň geljekde ösüşini üpjün etmek üçin zerur bolup durýar.


düýn 00:13
4.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy. Bu barada «TDH» habar berýär....

11.04.2026 23:33
7.6k+

Hökümet mejlisinde Lebap welaýatynda gurluşygy alnyp barylýan iri desgalar barada maglumat berildi

10-njy aprelde Lebap welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow beýleki meseleler bilen bir hatarda, bu sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň meselelerine hem......

28.03.2026 01:21
4.2k+

Türkmenistanda elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi makullady. Bu barada 27-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet......

18.03.2026 14:27
1.6k+

Tesla we LG ABŞ-da 4,3 milliard dollarlyk batareýa zawodyny gurar

Tesla we LG Energy Solutions kompaniýalary ABŞ-da batareýa öndürýän zawod gurmak barada ylalaşdylar. Maýa goýumyň umumy möçberi 4,3 milliard dollara deň bolar we zawody 2027-nji ýylda açmak meýilleşdirilýär. Zawod Miçigan ştatynyň Lansing şäherinde ýerleşer...