OpenAI sesi klonlaýjy gural bolan Voice Engine bilen tanyşdyrdy

  • 03.04.2024 12:39
  • 2.1k+

OpenAI islendik adamyň gepleýşine meňzedip hakyky sesleri döretmäge mümkinçilik berýän Voice Engine guralynyň işe başlandygyny habar berdi. Sesi klonlamak üçin tehnologiýa bary-ýogy 15 sekuntlyk ses nusgasy gerek diýip, engadget.com habar berýär.

Voice Engine OpenAI-yň 2022-nji ýyldan bäri ösdürip gelýän teksti sözleýşe öwrüji - API-sine esaslanýar. Kompaniýa ony eýýäm önümlerine ses bermek üçin ulanyp ýör, ýöne indi tehnologiýa beýlekiler üçin hem elýeterli bolar.

OpenAI Voice Engine-ny köp ýerde ulanyp boljakdygyny belleýär:

  • Okamak: Gural adamyňka has meňzeş ses bilen tekstleri daşyndan okap biler.
  • Dil terjimesi: Voice Engine dil bilişleri dürli derejedäki adamlara birek-birege has gowy düşünmäge kömek edip biler.
  • Geplemekde kemçiligi bolan adamlara kömek: Voice Engine sözleýiş taýdan kemçilikli adamlara öz sesi bilen gepleşmek mümkinçiligini döredip berer.

Şeýle-de bolsa, OpenAI bu tehnologiýa bilen baglanyşykly töwekgelçilikleriň hem  bolup biljekdigine düşünýär. Päliýamanlar galp wideo ýa-da ses ýazgylaryny döretmekde Voice Engine-ny öz bähbitlerine ulanyp bilerler.
Voice Engine entek giň gerimde işe girizilmäge taýyn däl, sebäbi henizem çözülmeli gizlinlik meseleleri bar.
Hususan-da, Voice Engine resmi taýdan işe girizilenden soň, AI tarapyndan döredilen sesleriň meşhur şahsyýetleriň seslerine juda meňzeş bolmagynyň öňüni almak üçin “gadagan sesleriň sanawy” düzüler.
Voice Engine abuna ýazylmak arkaly elýeterli bolar. Bahasy, takmynan, 162 500 söze barabar million “simwoly” 15 dollar bolar.  
Ýakynda OpenAI-yň Microsoft bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini yglan edendigini ýatladýarys. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde Stargate atly emeli aň esasly superkompýuter dörediler. Taslama 100 milliard dollar maýa goýlar.


düýn 22:43
1k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.1k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......

15.06.2026 08:07
1.4k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....

13.06.2026 12:23
8.3k+

Messi ChatGPT-niň mahabatynda düşdi

OpenAI kompaniýasy Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messiniň gatnaşmagynda ChatGPT-niň mahabat wideosyny hödürledi....