“Flamengo” futbol taryhynda 13 000 gol geçiren ilkinji klub boldy

  • 02.04.2024 11:44
  • 6.2k+

Braziliýanyň “Flamengo” kluby futbol taryhynda 13 000 gol geçiren ilkinji klub bolup, özboluşly rekord goýdy. Ýubileý goly Braziliýanyň çempionatynyň “Nowa Iguaku” toparyna garşy oýunda geçirildi. Oýun 3:0 hasabynda tamamlandy diýip, “Westi” habar berýär.

“Flamengonyň” düzüminde Pedro iki gol bilen tapawutlandy, ýene bir gol “Nowa Iguakunyň” oýunçysy Ronald tarapyndan öz derwezesine geçirildi. Pedronyň hut ikinji goly “Flamengonyň” taryhynda 13 müňünji boldy.
Bellemeli ýeri, Pedro iki golunyň aralygynda ýene bir gol geçirdi, ýöne VAR ony hasap etmedi. Şeýle-de bolsa, alty minutdan futbolçy ikinji goluny geçirip, öz adyny klubuň we dünýä futbolynyň taryhyna ýazdy.

“Ony, taryhdaky 13 müňünji goly aljak bolmagyň peýdasy ýok. “Flamengo” dünýäde bu bellige ýeten ilkinji klub!” diýlip, klubuň sosial ulgamlarynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......