Tesla mahabat çykdajylaryny 37 esse artdyrdy

  • 02.04.2024 05:57
  • 7.2k+

Tesla kompaniýasy ozal mahabatdan ýüz öwürmek syýasatyny ýöreden hem bolsa, häzir mahabat çykdajylaryny ep-esli artdyrdy. The Wall Street Journal gazetiniň habar bermegine görä, kompaniýa 2023-nji ýylda ABŞ-da mahabat üçin 6,4 million dollar sarp edipdir, bu onuň 2022-nji ýyldaky mahabat çykdajysyna garanda 37 esse köpdür (175 müň dollar).

Syýasatyň şu hili üýtgemegi Tesla-nyň söwdasynyň peselmeginiň we maýa goýujylaryň nägileliginiň artmagynyň fonunda bolup geçýär.
Ençeme ýyllaryň dowamynda kompaniýa köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berilýän makalalaryň we esaslandyryjysy Ilon Maskyň meşhurlygynyň esasynda  tanymallygyny saklady, Ilon Mask “mahabaty ýigrenýändigini” we önüm ýeterlik gowy bolsa, oňa mahabatyň zerurlygynyň ýokdugyny nygtap geldi.
Şeýle-de bolsa, Tesla elektrik ulaglar bazarynda çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolana meňzeýär. Kompaniýa elektrik ulaglaryny, şol sanda Model Y ulagyny “Amerikada öndürilen mukdary boýunça №1 awtoulag” hökmünde görkezip, mahabatyny işjeňleşdirip başlady.
The Wall Street Journal gazetiniň habaryna görä, mahabat bermek kararyna 2023-nji ýylyň maý aýynda geçirilen paýdarlar ýygnagyndan soň gelindi.

"Biraz mahabat etmäge synanyp göreris we nähili boljagyny göribiris" diýip, telekeçiniň paýdarlar bilen duşuşygynda belländigini WSJ ýazýar.

2024-nji ýylda Tesla elektrik ulaglaryna metbugatda berlen ýaramaz synlar we Maskyň dürli beýanatlary sebäpli kompaniýanyň paýnamalary 30% arzanlady.
Söwdasynyň pesliginden başga-da, Tesla önümçilikde we logistikada kynçylyklara sezewar bolýar, emma şeýle-de bolsa ol elektrik ulaglary bazarynda öňdebaryjylygyny henizem elden bermän gelýär.


düýn 16:03
992

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

06.05.2026 15:47
4.9k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....

02.05.2026 11:52
5k+

Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady....

28.04.2026 23:00
6k+

Tesla-nyň Cybertruck pikaplarynyň esasy alyjysy Ilon Maskyň özi bolup çykdy

Ilon Maskyň eýeçiligindäki kompaniýalar, ilkinji nobatda bolsa SpaceX, Cybertruck elektrik pikaplarynyň esasy alyjylaryna öwrüldiler. Olar geçen ýylyň dördünji çärýeginde ABŞ-da hasaba alnan ähli Cybertruck......