Google Podcasts ýakyn günlerde işlemegini bes eder

  • 01.04.2024 23:33
  • 2.1k+

Google geljek hepde ABŞ-da Google Podcasts hyzmatyny ýapar. Bu barada Bleeping Computer habar berdi. Ol ýapylansoň podkastlar diňlemek mümkinçiligi YouTube Music-de galar.

Google häzirki wagtda ABŞ-daky ulanyjylara 2-nji aprelden başlap Google Podcasts hyzmatyny ulanyp bilmejekdikleri barada habar iberýär. Bu seneden öň ulanyjylara abunalaryny Google Podcast-dan YouTube Music-e eksport etmek maslahat berilýär.
Google Podcasts akym hyzmaty alty ýyl ozal işe girizilipdi. Döredileli hyzmat Google Play-den 500 milliondan gowrak gezek ýüklenildi. Google Podcast ulanyjylara diňe bir köp sanly podkastlary hödürlemek bilen çäklenmän, eýsem, olary soňra offlaýn diňlemek üçin enjamlaryna göçürip almaga mümkinçilik berdi.
Google kompaniýasy Google Podcasts hyzmatyny ýapmak we YouTube-a geçmek kararynyň ulanyjynyň özüni alyp barşyna we isleglerine laýyk gelýändigini aýtdy. Kompaniýanyň maglumatlary Google Podcasts-a garanyňda, YouTube-da podkast diňleýjileriniň has köpdügini görkezýär.

«YouTube Music esasy podkast diňlemek funksiýasyny üpjün edýän bolsa-da, Google Podcast ulanyjylary gözleg we tertipleýiş süzgüçleriniň ýoklugy sebäpli ony örän oňaýsyz hasaplaýarlar» diýip, Bleeping Computer ýazýar.


düýn 19:53
1.7k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....