Marokko 2030-njy ýyldaky dünýä çempionaty üçin dünýäniň iň uly stadionyny gurmak isleýär

  • 01.04.2024 15:10
  • 20k+

Marokkoda 2030-njy ýyldaky dünýä çempionaty üçin gurulmagy meýilleşdirilýän täze stadionyň taslamasy tanyşdyryldy.

«The Sun» gazetiniň habaryna görä, stadion «Grand Stad de Kasablanka» diýlip atlandyrylar. Stadion 115 müň tomaşaçyny kabul eder, bu bolsa dünýäniň beýleki stadionlaryndan has köpdür. Stadion Al-Mansuriýa şäherinde gurlar.
Bu stadionyň gurulmagy bilen marokkalylar Ispaniýa we Portugaliýa bilen bilelikde geçiriljek 2030-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň finalyny geçirmek hukugyna eýe bolmak isleýärler. Ispaniýa hem finaly Madridde ýa-da Barselonada geçirmegi umyt edýär.
Futbol boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji gezek üç yklymda we alty ýurtda geçiriljekdigini ýatladýarys. 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatynda oýunlaryň aglabasy Marokkoda, Ispaniýada we Portugaliýada oýnalar. Üç oýun Günorta Amerikada bolar. Açylyş oýny Urugwaýda oýnalar, onda ýerli milli ýygyndy oýnar. Bu Argentinanyň we Paragwaýyň milli ýygyndylarynyň toparçalardaky ilkinji oýunlaryna-da degişlidir – olar açylyş oýunlaryny öz ýurtlarynda geçirerler.


şu gün 14:35
476

DÇ-2026-nyň huşuňy göçüren güni: Braziliýadan 96-njy minutda kambek, Germaniýa bilen Niderlandlara bolsa «Hoş!» diýýäris...

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynyň nobatdaky duşuşyklary janköýerlere duýgy joşgunlaryny iň esasy hem, soňky sekuntlara çenli dowam eden dramalary we ýewropa ägirtleriniň ýeňlişi bilen......

şu gün 08:32
2.1k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

düýn 16:30
8.5k+

Duýgy ýeňermi akyl?: Muny bu gije DÇ-2026-nyň 1/16 final tapgyrynyň iň gyzykly oýunlary görkezer

Dünýä çempionatynyň 2026-njy ýyldaky 1/16 final tapgyry janköýerlere dürs usullara baý hüjümler, belent sesli beýanatlar we ýyldyzlaryň hantamaçylykly gaýdyp gelişlerinden doly gyzykly futbol duşuşyklaryny......

düýn 13:18
5.3k+

DÇ-2026: Kanada soňky minutlarda gol geçirip, 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyň 1-nji oýny geçirildi. ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki «Soý-Faý» stadionynda geçirilen oýunda Kanadanyň ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, 1/8......