Lamborghini 20 ýylda ilkinji gezek logotipini üýtgetdi

  • 30.03.2024 23:50
  • 9.5k+

Italiýanyň Lamborghini kompaniýasy 20 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek “gazaba münen öküzli” logotipini üýtgetdi. Bu barada öndürijiniň saýtynda habar berilýär.

Täze nyşan öküziň şekilini saklap galdy, ýöne indi ol birneme sada we reňk taýdan çäklendirilen boldy. Umuman, logotip özüniň beýleki aýratynlyklaryny-da: geraldika galkanyny we öküziň ýokarsynda markanyň adyny saklap galdy. Ýöne şol bir wagtyň özünde şekil has “tekiz” boldy, sebäbi dizaýnerler relýeflerden ýüz öwürmek kararyna geldiler.
Täze Lamborghini logotipiniň esasy reňkleri gara we ak boldy, adaty sary we altynsow reňkler bolsa diňe goşmaça öwüşgin berijiler hökmünde ulanylar. Reňkleriň ählisi has öçügsi edildi. Täze logotipiň Huracan-yň mirasdüşeri boljak superkarda ilkinji gezek peýda bolmagyna garaşylýar. Lamborghini ony bir ýyla golaý wagt bäri synagdan geçirýär. Şeýle-de, nyşan Urus krossoweriniň täzelenen wersiýasyna we häzirki Revuelto flagmanyna-da goýulmaly.


10.06.2026 11:18
5.5k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

16.05.2026 18:14
4.5k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

11.05.2026 11:24
2.6k+

Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......