“Formula-1-e” eýeçilik edýän kompaniýa MotoGP-ni satyn almak isleýär

  • 30.03.2024 16:45
  • 3.5k+

“Formula-1-e” eýeçilik edýän Liberty Media kompaniýasy MotoGP we superbaýk boýunça dünýä çempionaty üçin hukuklary bolan Dorna Sports kompaniýasyny satyn almakçy bolýar. Bu barada näbelli çeşmelere salgylanyp, The Financial Times habar berýär diýip, championat.com belleýär.

Bu iki kompaniýanyň arasynda ylalaşygyň gazanylandygy baradaky gürrüňler birnäçe hepde öň peýda boldy. Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, şertnama barada Katarda 10-njy martda başlan MotoGP-niň täze möwsümi başlamazdan öň yglan etmek meýilleşdirilipdi.
Şertnama gatnaşyjylaryň Ýewropadaky antimonopoliýa kanunlary bilen bagly seresaplylyk sebäpli köpçülikleýin yglan etmegi soňa süýşürmek kararyna gelendigi çaklanylýar. Bu barada aýtmak mümkinçiliginiň indiki senesi 14-nji apreldir. Şonda Ostin şäherinde (ABŞ) MotoGP tapgyry geçiriler.


09.06.2026 07:51
4.4k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....