Änew şäherinde täze metjit açyldy

  • 28.03.2024 13:02
  • 19k+

27-nji martda Ak bugdaý etrabynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň  gatnaşmagynda täze metjidiň açylyşy boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde agzaçar sadakasyny berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlary ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalar bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, metjit toplumynyň düzümine sadaka bermek we beýleki däp-dessurlary geçirmek üçin ýörite bina hem-de ugurdaş desgalar girýär. Metjidiň özboluşly binagärlik çözgüde eýe bolan binasynyň gurluşygynda ýokary hilli gurluşyk we bezeg serişdeleri ulanyldy. Onuň ýanaşyk ýerleri göwnejaý derejede abadanlaşdyryldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň müftüsine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan täze metjidiň hyzmatlary üçin niýetlenen awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri täze metjidiň sadaka jaýynda agzaçar sadakasyny berdi. Ol ýerde eden çykyşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň "döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinde Änew topragynda düýbi tutulan bu metjit döwrebap görnüşde bina edilipdir" diýip belledi.
Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Tebärek çykylandan soňra, sadaka gatnaşýanlara nahar çekildi.
Nahardan soň, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşyjylara ýüzlenip, "taryhçy alymlar Seýit Jemaleddiniň yslam dinini düşündirmekde meşhur alym bolandygyny, şonuň üçin oňa «dünýäniň we diniň bezegi» diýen derejäniň berlendigini tassyklaýar" diýip aýtdy.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gurbanguly Berdimuhamedow şu keramatly toprakda bina edilen täze metjidi ata-babalarymyza we geçmiş mirasymyza sarpa goýmak, şeýle hem taryhda öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimizi hormatlamak bilen, “Seýit Jemaleddin metjidi” diýip atlandyrylmagyny teklip etdi.
Agzaçar sadakasyna gatnaşýan Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren teklibini tüýs ýürekden makulladylar we goldadylar.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......