Eşli Koul Angliýanyň premýer-ligasynyň Şöhrat zalyna girizildi

  • 27.03.2024 23:54
  • 10k+

Londonyň «Arsenal» we «Çelsi» klublarynyň öňki futbolçysy Eşli Koul Angliýanyň premýer-ligasynyň Şöhrat zalyna girizildi.

Bu barada ýaryşyň metbugat gullugy habar berdi. 43 ýaşly Koul APL-iň Şöhrat zalynda orun alan 22-nji adam boldy.

«Premýer-liganyň Şöhrat zalyna agza bolmak meniň üçin uly hormat. Bu ajaýyp we örän ýakymly waka» diýip, türgen öz duýgusyny paýlaşdy.

Şeýle hem Eşli Angliýada «Kristal Pelas» we «Derbi Kaunti» klublarynda oýnady. Ol Angliýanyň çempionatynda jemi 384 oýna gatnaşyp, 15 gol geçirdi we 39 gol pasyny berdi. Mundan başga-da, Koul Angliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 107 oýunda çykyş etdi.


düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....