BYD bazarda Toyota bilen Volkswagen-den öňe geçmek üçin 100 modeliniň bahasyny arzanlatdy

  • 27.03.2024 13:47
  • 18k+

Hytaýyň BYD awtoöndürijisi 100-den gowrak elektromobilleriniň we gibridleriniň bahasyny arzanlatdy. Şeýle etmek bilen kompaniýa Toyota, Volkswagen, Nissan we beýleki öndürijiler üçin çynlakaý bäsdeşligi döredýär diýip, Bloomberg agentligine salgylanyp, iXBT.com ýazýar.

Bahalaryň arzanlamagy kompaniýanyň elektromobilleriň we gibridleriň adaty benzin awtomobilleriniň bahasy bilen elýeterli boljakdygyny görkezýän “nebitden arzan elektrik” döwrüne geçiş strategiýasynyň bir bölegidir.
Täze BYD Seagull hetçbeginiň bahasy indi 10 000 dollardan, iň köp satylýan Qin Plus elektrik sedany bolsa 11 000 dollardan arzan.
BYD eýýäm arzan bahadan 70-den gowrak modeli işe girizdi. Häzirlikçe diňe 233 müň dollar bahaly täze Yangwang superkary arzanlamady.
Kompaniýa sürüjileri benzin awtomobillerinden ýüz öwürmäge we elektromobillere hem gibridlere geçmäge yrmak isleýär.


düýn 21:15
3.2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
3k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......