Türkmenistanda ilkinji gezek sportuň täze fijital görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilýär

  • 27.03.2024 00:00
  • 9.9k+

2024-nji ýylyň 1-6-njy apreli aralygynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sportuň täze fijital görnüşleri (physical+digital) boýunça ýaryşlar hem-de Açyk gapylar hepdeligi geçiriler. Bu barada TmCars-a ýokary okuw mekdebinde habar berdiler.

«Hereketli we sanly sport – sportda innowasiýalar» ady bilen geçiriljek bu ýaryşlar institutyň Sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň Köpugurly sport toplumynda geçiriler.
Fijital sport (hereketli-sanly sport) – sportuň toplumlaýyn görnüşi bolup, türgen ýekelikde ýa-da toparlaýyn sportuň belli bir görnüşi boýunça hereketli hem sanly wirtual dünýäde garşydaşy bilen bäsleşýär. Ol «physical» we «digital» diýen iňlis sözleriniň birigmeginden dörän «hereketli-sanly sport» diýen manyny berýär.


Fijital sport beden taýýarlygyny talap edýän hereketli, adaty sport oýny bilen kibersportuň, ylmyň we tehnologiýanyň utgaşmagyndan dörän täze sport görnüşidir. Munda türgen hem wirtual dünýäde kompýuterde ýokary netije görkezmeli, hem-de sport meýdançasynda özüni synamaly. Fijital sportda birbada iki ugurdan baş alyp çykmaly. Fijital sport kompýuter oýnunda wirtual dünýäde ussat kibertürgeniň ezberligini, çalasynlygyny iş ýüzünde synap görmegi maksat edinýär. Häzirki wagtda sportuň islendik görnüşi sanly ulgamda oýnamak üçin ýörite işlenen programmalarda elýeterlidir. Wideo-oýunlar sportuň haýsy görnüşinden taýýarlanan bolsa, ondaky düzgünler, kadalar hereketli görnüşinden tapawutlanmaýar.
Sport ýaryşlarynyň Meýilnamasyny şu salgydan ýükläp alyp bilersiňiz.
Fijital sport boýunça dünýäde ilkinji ýaryşlar 2024-nji ýylyň 21-nji fewraly-3-nji marty aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçiridi. Bu ýaryşlara 12-62 ýaş aralygyndaky 2 müňden gowrak adam gatnaşdy.

Goşmaça maglumat üçin:
+993 12 22-65-37;
+993 12 22-65-70;

Saýt: www.tdbsi.edu.tm
Salgysy: Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.


14.05.2026 15:38
2.2k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....