Aýdaky demir ýol: ABŞ-da eýýäm taslamanyň konsepsiýasy işlenip düzülýär

  • 25.03.2024 06:18
  • 17k+

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň Geljegi uly gözleg taslamalary müdirligi (DARPA) Aýda demir ýol konsepsiýasyny ösdürmek üçin Northrop Grumman bilen şertnama baglaşdy diýip, New Atlas neşiri habar berýär.

Taslama Aýda adamyň durnukly bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilen 10 ýyllyk Aý arhitektura mümkinçiliklerini öwrenmek  işiniň (LunA-10) bir bölegidir.
Aý demir ýoly geljekki Aý bazasynyň infrastrukturasynyň möhüm bölegine öwrülip biler. Ol bazanyň dürli desgalarynyň arasynda adamlary, ýükleri we materiallary daşamak üçin peýdaly bolar.
Demir ýol ulagy Aýdaky beýleki ulag görnüşlerinden birnäçe artykmaçlyga eýedigi bilen tapawutlanýar. Ol enjamlara we skafandrlara zeper ýetirip bilýän Aý tozanyna has durnuklydyr.
Şertnamanyň bir bölegi hökmünde Northrop Grumman Aý demir ulgamyny döretmek, konsepsiýa we binagärlik prototiplerini ösdürmek hem-de gurluşyk, tehniki hyzmat meselelerini çözmek üçin zerur interfeýsleri we çeşmeleri kesgitlär.


düýn 08:02
1.8k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.2k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 13:48
3.6k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
3.9k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......