Lamborghini ýylyň dowamynda rekord girdeji gazanandygyny habar berdi

  • 24.03.2024 18:13
  • 15k+

Italiýanyň Lamborghini superkar öndürijisi 2023-nji ýylyň jemini jemledi, netijede ýyl birnäçe görkeziji boýunca kompaniýa üçin rekord ýyl boldy. Lamborghini taryhynda ilkinji gezek 10 000-den gowrak awtoulag satdy diýip, kompaniýanyň maliýe hasabatyna salgylanýan auto.ru habar berýär.

2023-nji ýyldaky söwdanyň soňky netijesi boýunça 10112 awtoulag satyldy. Her modeliň aýratynlykdaky satuwy barada jikme-jik maglumat berilmeýär, ýöne kompaniýanyň ýolbaşçylary netijäniň flagman Revuelto modeliniň goşandyny hasaba almazdan gazanylandygyny tassyklaýar.
Kompaniýanyň amal girdejisi 2022-nji ýyldakydan 12,1% köpelip, 2,66 milliard ýewro boldy. Girdeji 17,8 göterim ýokarlanyp, 723 million ýewro ýetdi.
Şol bir wagtyň özünde, Lamborghini-niň Revuelto modeli üçin 2026-njy ýyla çenli, Huracan we Urus üçin önümçiliginiň ahyryna çenli sargytlary bar.
Lamborghini-niň maliýe müdiri Paolo Poma kompaniýanyň özüni awtoulag öndürijisi däl-de, eýsem, kaşaň harytlary öndüriji hökmünde görkezýändigini aýdandygy bellärliklidir.
2024-nji ýylda Lamborghini öz hataryny täzelemegi meýilleşdirýär: täze superkary - Huracan mirasdüşerini, şeýle hem Urus krossoweriniň döwrebaplaşdyrylan görnüşini hödürlär. Mundan başga-da, italýan brendi çydamlylyk ýaryşlarynyň iň ýokary diwizionynda ilkinji gezek çykyş eder.


10.06.2026 11:18
5.4k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

16.05.2026 18:14
4.5k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

11.05.2026 11:24
2.6k+

Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......