Sony iň gowy oýun çykaryjylaryň ilkinji onlugyna goşulmady

  • 24.03.2024 18:01
  • 8k+

Metacritic syn beriş saýty 2023-nji ýylyň iň gowy oýun çykaryjylarynyň sanawyny hödürledi. Wideo oýunlary çykaryjylaryň arasynda lider Ýaponiýanyň Capcom kompaniýasy boldy.

Kompaniýa öz oýunlarynyň ýokary baha almagy, şol sanda üstünlikli remeýkleriň, remasterleriň we geçen ýyl çykan Resident Evil 4, Street Fighter 6 we Ghost Trick: Phantom Detective ýaly täze relizleriň netijesinde birinji orny eýeledi.
Toplumlaýyn bal sistemasyna esaslanan reýting ortaça bahany, oňyn we oňyn däl seslenmeleri alan oýunlaryň göterimini, şeýle-de ýokary baha alan oýunlaryň sanyny göz öňünde tutdy. Netijede, Capcom kompaniýasy Raw Fury (2) we Chorus Worldwide (3) ýaly bäsdeşlerden öňe geçdi. Şol bir wagtyň özünde geçen ýylky lider Sony 13-nji orna düşdi, göni bäsdeşi Microsoft bolsa 15-nji orny eýeledi.
Şeýle-de, ilkinji onluga Dangen Entertainment (4), Annapurna Interactive (5), Nintendo (6), Aksys Games (7), Bethesda Softworks (8), Sega (9) we Thunderful (10) girdi.
2023-nji ýylyň jemi boýunça düzülen reýting hasap boýunça 14-ünji reýtingdir. Sanawa jemi 46 oýun çykaryjy goşuldy, iň pes bahany Perpetual (Perp Games) aldy.


11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

08.06.2026 16:23
1.9k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

27.05.2026 15:37
1.5k+

Sony Pictures-i anime taslamalary halas etdi

Sony Pictures Entertainment 2026-njy ýylyň 31-nji martynda tamamlanan maliýe ýyly boýunça hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşyna görä, bölümiň girdejisi geçen ýylky derejesinde galyp, 9,92 milliard dollar boldy......

19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....