Nokia gaýdyp gelýär: HMD Global Nokia 3210-nyň täze nusgasyny çykarar

  • 23.03.2024 11:56
  • 15k+

Hytaýyň HDM Global kompaniýasy Nokia telefonynyň täze nusgasyny hödürlär. Bu barada Nokiamob neşiri habar berýär.

Nokia brendiniň hukuklaryna eýelik edýän kompaniýanyň X sosial ulgamyndaky sahypasynda täze telefonyň piksel şekili «Meşhur telefon maý aýynda gaýdyp gelýär» ýazgysy bilen peýda boldy. Media žurnalistleri paýlaşylan bu maglumaty  öwrendiler we kompaniýanyň 25 ýyl ozal çykan Nokia 3210 modelini gaýtadan çykarjakdygyny çakladylar.
Höwesjeňleriň pikiriçe, HMD başga bir meşhur Nokia telefonynyň – 3310 modeliniň täze modifikasiýasyny hödürläp biler. Bu nusga HDM Global-yň 3310 belgili Nokia enjamlaryny täzeden çykarmak işine başlandygy bilen tassyklanýar. Şeýle-de bolsa, şekillendirilen telefon 3310-dan has 3210-a meňzeýär.
Neşiriň žurnalistleri enjamyň giň ulanyjylara niýetleniljekdigini öňe sürdüler. Şeýle hem enjam KaiOS-da işlär.
Nokia 3210 kompaniýanyň 1999-njy ýylda çykan jübi telefonydyr. Bu model täjirçilik taýdan iň üstünlikli nusga hasaplanýar: enjamyň takmynan 160 million nusgasy satyldy.


19.07.2025 07:03
7.1k+

Nokia-nyň eýesi DeepSeek-li düwmeli telefonlary çykardy. Ol emeli aňy nädip ulanmalydygyny düşündirýär

Nokia brendine eýeçilik edýän HMD kompaniýasy DeepSeek EA modeliniň esasynda sesli çat-bot bilen HMD 101 we HMD 102 düwmeli telefonlaryny çykardy. Olar, ilkinji nobatda, gartaşan ulanyjylar üçin niýetlenýär. Telefonlaryň esasy aýratynlygy ses kömekçisini çagyrýan merkezi “AI” düwmesi boldy...

15.04.2025 12:54
4.6k+

HMD Global Nokia-nyň düwmeli telefonlaryny dikeldýär

HMD Global Nokia brendi astynda täze düwmeli telefonlar hataryny çykarmaga taýýarlanýar. Bu kompaniýanyň fin brendi bilen baglaşan ygtyýarnama şertnamasynyň 2026-njy ýylda tamamlanmazyndan öň bolup geçer. Bu barada «GizmoChina» neşiri habar...

13.03.2025 09:27
3.5k+

Hyzmat ediş çäginden daşda: Nokia Aýdan ilkinji telefon jaňyny edip bilmedi

Finlýandiýanyň Nokia kompaniýasy Aýdan ilkinji telefon jaňyny amala aşyrmak synanyşygynyň şowsuz bolandygyny habar berdi. Munuň üçin zerur enjamlar Intuitive Machines kompaniýasynyň IM2 missiýasy bilen Athena gonuş...

22.01.2025 17:51
6.1k+

Nokia öz telefonlarynyň we işläp taýýarlamalarynyň sanly muzeýini işe girizdi

Nokia öz telefonlaryna we işläp taýýarlaýyşlaryna bagyşlanan renderleri, suratlary we wideomateriallary öz içine alýan ýüzlerçe eksponatly onlaýn arhiwini işe girizdi diýip, Wired habar berýär. Nokia Design Archive...