Nvidia iň çalt ösýän Amerikan brendine öwrüldi

  • 22.03.2024 23:59
  • 4.6k+

Nvidia 2024-nji ýylda gymmaty boýunça ABŞ-nyň iň çalt ösýän brendine öwrüldi. Brand Finans-iň reýtingine görä, dünýäniň öňdebaryjy çip öndürijilerinden biri bolan Nvidia-nyň bahasy ýylyň dowamynda 163 göterim ýokarlap, 44,5 milliard dollara ýetdi diýip, TASS habar berýär.

Bu Nvidia-a dünýäniň iň gymmatly brendleriniň sanawynda 41-nji orny, amerikan kompaniýalarynyň arasynda bolsa 17-nji orny eýelemäge mümkinçilik berdi.
Reýtingde öňdebaryjy brend gymmaty 74% ýokarlanyp, 516,6 milliard dollara barabar Apple bolup galýar. Microsoft 340,4 milliard dollar (+ 78%) bilen ikinji ýeri eýeleýär, Google bolsa 333,4 milliard dollar (+ 18,5%) bilen üçünji orny eýeleýär.
Şeýle hem ilkinji onluga Amazon (308,9 milliard dollar, + 3%), Walmart (96,8 milliard dollar, -15%), Facebook (75,7 milliard dollar, + 28%), Verizon (71,8 milliard dollar, + 6%), Instagram (70,4 milliard dollar, + 48%), Starbucks (60,7 milliard dollar, + 13,5%) we Tesla (58,3 milliard dollar, -12%) girýär.


02.06.2026 12:03
11k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.2k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

30.03.2026 09:59
11k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......