Fizikler kwant tüweleýini ulanyp, giňişligi we wagty gyşartmagy öwrendiler

  • 22.03.2024 23:30
  • 5.9k+

Iňlis fizikleri kwant fizikasynda üstünlik gazandylar. Gara girdaplaryň özüni alyp barşyny simulirlemäge mümkinçilik berýän ýokary akyjylykly geliýde kwant girdabyny işe girizdiler.

Nottingem uniwersitetiniň, Londonyň patyşa kollejiniň we Nýukasl uniwersitetiniň fizikleri hakyky gara girdabyň töwereginde gyşaran giňişlikde bolup geçýän wakalary öwrenmäge kömek edýän, aslyýetinde, "bankadaky gara girdaby" döretmegi başardylar.
Synag üçin geliýni mümkin bolan iň pes temperatura (-271 ° C) çenli sowadýan we özboluşly häsiýetlere eýe edýän ýörite gurluş düzüldi. Geliý asla ýapyşmaýan suwuklyk hökmünde islendik tekizligiň üstünden sürtülmän akýar we diňe öz inersiýasyna boýun bolup, gaty ownuk gözeneklerden hem syzyp geçip bilýär.
Ýönekeý suwuklyklardan tapawutlylykda, ýokary akyjylykly geliý sentrifuga aýlananda özi aýlanmaýar, onuň deregine onda  kwant tüweleýi döreýär.
Gözlegiň esasy awtory doktor Patrik Swankaranyň: "Biz tornadony ýada salýan ykjam obýektde on müňlerçe kwant girdabyny saklap bildik we güýji kwant suwuklyklary üçin rekord bolup durýan girdap akymyny döredip bildik" – diýen sözleri Nottingem uniwersitetiniň web sahypasynda getirilýär.
Bu ýagdaýda, ýokary akyjylykly geliýiň üstünde kiçijik tolkunlar emele gelýär, gözegçilikleriň görkezişi ýaly, aýlanýan gara girdaplaryň golaýynda agyrlyk güýjüni emele getirýär.

“Ýokary akyjylykly gelini ulanmak bu kiçijik tolkunlary, suw bilen geçirilen öňki synaglara garanyňda, has jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik berdi. Geliniň gaty gowşak ýelmeşegenligi sebäpli, olaryň täsirini üns bilen öwrenip, netijeleri nazary çaklamalarymyz bilen deňeşdirip bildik "- diýip, Swankara belleýär.

Suwuk geliýdäki kiçijik tolkunlary synlamak alymlara giňişligiň we wagtyň syrlaryny açmaga has golaýlamaga mümkinçilik berer.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
3.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....