ABŞ-nyň hökümeti Intel kompaniýasyna 20 milliard dollar maýa goýmak kararyna geldi

  • 22.03.2024 23:35
  • 3.1k+

ABŞ-nyň hökümeti Intel korporasiýasyny ösdürmek üçin takmynan 20 milliard dollar maýa goýýar. Bu barada Ak tam yglan etdi.

Berilýän maglumatlara görä, 8,5 milliard dollar gönüden-göni maliýeleşdirmek görnüşinde, ýene 11 milliard dollar ýarymgeçirijileriň we beýleki ýokary tehnologiýaly gurluşlaryň önümçiligini ösdürmek üçin karz ugrunyň çäklerinde berler.
Bu serişdeler Arizona, Nýu-Meksiko, Ogaýo we Oregon ştatlaryndaky Intel kärhanalaryny enjamlaşdyrmak hem-de giňeltmek üçin gönükdirilýär. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi 30 müňe golaý täze iş ornuny döreder we degişli kärhanalarda ýene on müňlerçe işgäri goldar diýlip, habarda bellenilýär.
Bu ugurdaky maýa goýumlarynyň mukdarynyň 240 milliard dollardan geçmegine garaşylýar. Amerikan hökümetiniň pikiriçe, munuň özi «ýarymgeçiriji önümçiliginiň ABŞ-a gaýdyp gelmegine» goşant goşar.


02.06.2026 12:08
2k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

02.06.2026 12:03
11k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.2k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......