6000 oýunjakdan gurlan öý: hindistanly arhitektorlar gereksiz zatlara ikinji ömür berdiler

  • 22.03.2024 13:50
  • 26k+

Hindistanyň Wallmakers arhitektura firmasy gerekmejek 6200 töweregi oýunjakdan jaý gurdy. Bina Demirgazyk Kerala ştatynda obanyň tokaýlyk ýerinde ýerleşýär diýip, New Atlas ýazýar.

Arhitektorlaryň kellesine oýnawaçlary gurluşyk materialy hökmünde ulanmak pikiriniň gelmegi bu munisipalitetiň ştatda iň köp oýnawaç öndürýändigi sebäplidir. Wagtyň geçmegi bilen çagalar oýnawaçlary taşlaýarlar, sebäbi olara bolan gyzyklanmany ýitirýärler. Wallmakers gereksiz zatlara ikinji gezek ömür bermek kararyna geldiler.
Bina iki bölekden ybarat: açyk fasady we gowy howa çalşygy bolan merkezi blok we ýokarky bölegi. Jaýyň esasy bölegi gurluşyk meýdançasyndaky toprakdan taýýarlanan gysylan bloklardan gurlupdyr. Gurluşykda gaýtadan işlenen Mangalor plitalary hem ulanylypdyr.
Jaýyň içki meýdany 357 inedördül metr. Jaýyň taslamasy giňişligi aňrybaş doly  ulanmakdan ugur alypdyr. Meýdanynyň köp bölegini ýaşaýyş otaglary tutýar. Hususy zolaklar ýapon stilindäki sedzi tutulary bilen bölünýär. Şeýle hem goşmaça howa çalşygyny üpjün edýän insiz merkezi howlusy bar.
Wallmakers-iň öz taslamalarynda taşlanan materiallary ilkinji gezek ulanyşy däl. Ýakynda olar taşlanan plastik gaplardan jaý gurdular.
Onsoňam dünýädäki oýunjaklaryň 90% -inde plastmassanyň bardygy aýdylýar. Oýnawaçlaryň global satuwy 2022-nji ýylda 107,4 milliard dollara ýetdi. Şeýle-de oýnawaçlar çylşyrymly formasy we himiki goşundylary sebäpli gaýtadan işlemek üçin amatly däldir. Netijede, öndürilen oýunjaklaryň 80% -i zir-zibil dökülýän meýdanlarda, hapa ýakylýan ýerlerde ýa-da ummanda galýar.
6000 oýunjakdan ybarat jaý diňe bir özboluşly binagärlik çözgüdi bolman, eýsem daşky gurşawyň hapalanmagy meselesine hem ünsi çekýär.


18.06.2026 22:08
2.7k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....