Türkmenistanda Bütindünýä Gümrük Guramasynyň sebitleýin okuw merkezi döredilip bilner

  • 21.03.2024 18:33
  • 6.4k+

19-njy martda Brýusselde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) Baş sekretary Ýan Sonders bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistan DIM-iň metbugat-gullugy habar berdi. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar gümrük işi ugrundaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň BGG-niň bilim we hünär ýokarlandyryş maksatnamalaryna gatnaşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanynda BGG-niň sebitleýin okuw merkezini döretmek mümkinçiligine aýratyn üns berildi.
Ýan Sonders Türkmenistanyň gümrük düzgünleşdirmesi babatdaky başlangyçlaryna we üstünliklerine ýokary baha berdi we ýurduň gümrük ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek üçin guramanyň zerur bolan goldawy we maslahatlary bermäge taýýardygyny aýtdy.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......