Xiaomi elektrikli ulaglary öndürmek boýunça ilkinji gigafabrigini açdy

  • 21.03.2024 05:59
  • 7.4k+

Xiaomi, Tesla zawodlary bilen deňeşdirilende, gigafabrik diýlip atlandyrylýan ilkinji awtoulag zawodyny resmi taýdan açdy.

Häzirki wagtda bu kompaniýa Xiaomi SU7 elektrikli awtoulag önümciligini ýola goýdy, ýöne geljekde modelleriniň hataryny giňelder. Şeýle hem, kompaniýa krossowerleri öndürmekçi bolýar diýip, ITHome habar berýär.
Zawodyň gurluşygy 2022-nji ýylyň aprelinde başlandy. Ol işe girizilenden soň, 2024-nji ýylda ikinji tapgyryň hem gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär, ol 2025-nji ýylda tamamlanar. Zawodyň çäginde öz konfigurasiýasy boýunça ýaryş ýoluny ýada salýan synag ýoly bar.
Xiaomi-niň başlygy Leý Szýun Weibo sosial ulgamynda: “Bu gün aýratyn gün: Xiaomi-niň awtoulag gigafabrigi resmi taýdan açyldy. Bu gezek direktorlar geňeşi Xiaomi awtoulag zawodynda maslahat geçirmek kararyna geldi. Direktorlar zawoda baryp gördüler we Xiaomi SU7-ni synagdan geçirdiler ” – diýip belledi.


düýn 10:28
1.2k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
3.9k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......