TikTok YouTube bilen bäsdeşlikde blogerler üçin töleg düzgünini üýtgetdi

  • 21.03.2024 05:55
  • 8.8k+

TikTok sosial ulgamy YouTube we Google bilen bäsdeşligiň esasynda täze Creator Rewards monetizasiýa maksatnamasyny hödürledi. Creator Rewards-yň tölegi hasaplaýyş formulasy dört görkezijä esaslanýar: mazmunyň özboluşlylygyna, wideonyň dowamlylygyna, auditoriýany çekijiligine we gözleg gymmatyna. Bulardan soňky görkeziji platformada gözleg ulgamyny giňeltmek bilen, oýnuň düzgünini üýtgedýär diýip, kz.kursiv.media belleýär.

Bu platformanyň özboluşly, tomaşaça gyzykly we laýklary, teswirleri hem repostlary ýygnaýan, bir minutdan uzak dowam edýän we programmadaky gözleg soraglaryna laýyk gelýän wideolara ähmiýet berjekdigini aňladýar. Aktual gözlegleri öwrenmek üçin kompaniýa Creator Search Insights guralyny ulanmagy teklip edýär. Bu gural şahsy we umumy maglumatlara esaslanyp, döredijä wideo üçin ideýa hödürleýär.
Monetizasiýa maksatnamasyna 18 ýaşdan uly awtorlar gatnaşyp bilýär. Olaryň sahypasynda azyndan 10 müň abunaçy we geçen 30 günde 100 müň tomaşa bolmaly.
2024-nji ýylyň başynda neşir edilen Adobe-yň hasabatyna görä, Birleşen Ştatlaryň bäş ýaşaýjysynyň ikisi TikTok-y brauzer hökmünde ulanýar. Z nesliniň her onunjy wekili Google-da däl-de, TikTok-da maglumat gözleýär.


19.06.2025 09:53
8.1k+

Forbes 2025-nji ýylyň iň baý we meşhur 50 blogeriniň reýtingini hödürledi

Forbes dünýäniň 50 sany iň köp girdeji gazanan we abraýly blogerleriniň ýyllyk sanawyny hödürledi. Sanawda öňdebaryjy yzygider dördünji ýyl MrBeast (hakyky ady Jimmi Donaldson) bolmagynda galýar. Neşir onuň girdejisini 85 mln dollar diýip hasaplady, onuň akkauntlaryny yzarlaýjylaryň umumy sany bolsa 634 mln adama barabar...

25.05.2025 19:06
6.8k+

MrBeast öz taslamalary bilen iň ýaş milliarder derejesine ýetdi

MrBeast lakamy bilen tanalýan 27 ýaşly YouTube blogeri Jimmi Donaldson baýlygyny öz taslamalarynyň kömegi bilen gazanan dünýäde iň ýaş milliarder boldy. Blogeriň baýlygy 1 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar, aýlyk girdeji bolsa, takmynan, 50 mln dollara barabar...

28.04.2025 16:06
1.5k+

Alphabet kompaniýasy Google bilen YouTube-de mahabatyň we emeli aňyň hasabyna çärýeklik girdejisini 46% ýokarlandy

Google-yň we YouTube-yň enelik kompaniýasy bolan Alphabet 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde 34,54 mlrd dollar arassa girdeji gazandy. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 46% ýokarlandy. Munuň netijesinde, kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 4% ýokarlandy diýip, «Business Insider» neşiri habar berýär...

03.04.2025 13:46
8.1k+

Amazon TikTok-y satyn almak üçin arza berdi

Amazon ahyrky pursatda Hytaýyň ByteDance kompaniýasyna degişli TikTok-yň ABŞ-daky bölümini satyn almak üçin arza berdi. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, «The New York Times» neşiri habar berýär. Amazon öz teklibini...