Bloomberg meksikan pesosyny 2024-nji ýylyň iň girdejili pul birligi diýip atlandyrdy

  • 17.03.2024 16:53
  • 9.6k+
Bloomberg meksikan pesosyny 2024-nji ýylyň iň girdejili pul birligi diýip atlandyrdy

Meksikan pesosy 2024-nji ýylda dünýäde iň girdejili pul birligi diýlip yglan edildi. ol pul birlikleriniň hakyky täsirli alyş-çalyş hümmeti boýunça sanawda birinji orunda durýar diýip, bu sanawy düzen Bloomberg agentligi ýazýar.

2023-nji ýylda dollara görä takmynan 15 göterim ýokarlanan peso şu ýyl ABŞ-nyň walýutasyna görä hümmetini ýene 1,8 göterim ýokarlandyrdy we häzirki wagtda 2015-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine ýakyn bolan bir dollar üçin 16,69 peso töweregi hümmete eýedir.
Onuň ösüşiniň ýakyn aýlarda dowam etmegine garaşylýar.
Maglumatda Meksikanyň pul birliginiň güýjüniň açarynyň pes üýtgewliligi we Meksikada rekord derejede ýokary göterim derejesiniň bolmagy diýlip bellenilýär, bu bolsa bir walýutada karz almagy we «kerri-treýd» diýlip atlandyrylýan pesoda karz bermegi özüne çekiji edýär.


22.08.2024 13:29
1

Meksikada zenanlaryň işleri boýunça ministrlik döredilýär

Meksikanyň täze saýlanan Prezidenti Klaudiýa Şeýnbaum zenanlaryň işleri boýunça täze Ministrligiň dörediljekdigini yglan etdi. Onuň aýtmagyna görä, edara 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan, Şeýnbaum döwlet Baştutany...

15.08.2024 23:57
10k+

Klaudiýa Şeýnbaum Meksikanyň Prezidenti hökmünde resmi taýdan tassyklandy

Meksikanyň Saýlaw kazyýeti Klaudiýa Şeýnbaumyň 2-nji iýunda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşini biragyzdan tassyklady. Kazyýetiň X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýaýlyma berlen mejlisiň dowamynda...

06.06.2024 07:52
19k+

Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow hanym Klaudiýa Şeýnbauma Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden...

03.06.2024 18:01
25k+

Meksikanyň Prezident saýlawlarynda ilkinji gezek zenan maşgala ýeňiş gazandy

Meksikanyň Prezident saýlawlarynda hökümet tarapynda duran koalisiýadan dalaşgär Klaudii Şeýnbaum ýeňiş gazandy. Bu barada çepçi “Milli galkynyş hereketi” (Morena) partiýasynyň başlygy Mario Delgado mälim etdi...