Gresiýanyň Olimpiýa komiteti Olimpiýa alawyny ýakmak dabarasyny üýtgetdi

  • 16.03.2024 09:04
  • 10k+

Şu ýyl Olimpiýa oýunlarynyň alawyny ýakmak dabarasy uly özgerişlikler bilen geçiriler – Gresiýanyň Olimpiýa komiteti täze baş ruhanyny, ruhanylaryň täze eşiklerini we täze kompozitory, şeýle hem olimpiýa toparynyň lybasyny tanyşdyrdy diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Olimpiýa alawy 16-njy aprelde gadymy Olimpiýa oýunlarynyň watany bolan Gadymy Olimpiýada ýakylar. Olimpiýa alawyny baş ruhanynyň keşbini ýerine ýetirýän aktrisa Gün şöhlelerinden parabolik aýna bilen ýakar, soňra bolsa ony olimpiýa alawy estafetasyna gatnaşyjylara gowşurar.
Şu ýyldan başlap, baş ruhanynyň keşbini Gresiýada birnäçe meşhur serialda oýnan aktrisa Meri Mina ýerine ýetirer. Ruhanylaryň we kuroslaryň (ýaş türgenler) lybaslary gadymy grek sütünleri şekilinde döredilipdir. Täze lybaslar geçmişdäki dabaralaryň monohrom lybaslaryndan tapawutlylykda, iki reňkli– gara we ak reňkde bolar.
Alawy ýakmak dabarasynyň sazyny Dimitris Papadimitriu ýazar, Gresiýada ony beýik kompozitor diýip atlandyrýarlar. Artemis Ignatiu, ozalkylary ýaly, horeografiýa jogap berer.
Alawy ýakmak dabarasy Olimpiýa senasynyň ýaňlanmagy we Olimpiýa baýdagynyň galdyrylmagy, Fransiýanyň we Gresiýanyň döwlet senalarynyň ýerine ýetirilmegi hem-de iki ýurduň baýdaklarynyň galdyrylmagy bilen başlanar. Senalary ABŞ-ly messo-soprano we üç sany «Gremmy» baýragynyň eýesi bolan opera aýdymçysy Joýs Didonato ýerine ýetirer.


26.06.2026 20:10
9k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

06.05.2026 23:46
2k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....