Aşgabatdaky Hyundai merkezi Palisade we Staria modelleriniň aýratynlyklary barada gürrüň berdi

  • 15.03.2024 11:17
  • 28k+

Täze ulagyň (ýönekeý gepleşik dilinde aýdylanda “paket maşynyň”) rulunda oturmak duýgusy bu diýseň üýtgeşik duýgy. Zawoddan “ýagy bilen” çykyp gelen ulagyň ysy hem üýtgeşik bolýar. Hyundai kompaniýasynyň Aşgabatdaky resmi distribýutory türkmenistanly awtoulag muşdaklaryny bu üýtgeşik duýgyny başdan geçirmek üçin iň täze modellerini janly görnüşde synlamaga, olaryň tehniki häsiýetnamalary, içiniň görnüşi bilen has ýakyndan tanyşmaga çagyrýar.

Aşgabatda G.Kuliýew köçesiniň (Obýezdnoý) ugrunda ýerleşýän merkezde Hyundai kysymly täze awtomobilleriň dürli modelleri bar. Islendik adam bu ýere gelip, zawodda çykan täze awtoulaglara baha berip biler.
Aşgabatdaky Hyundai merkezinden kompaniýanyň  Elantra, Sonata,  Tucson, Santa Fe, Palisade, Staria ýaly dürli modellerini görüp, satyn alyp bolýar.
Hyundai merkezi aýratyn hem Palisade we Staria modellerine Siziň ünsüňizi çekýär. Täze çykan bu modeller iş hem maşgala üçin niýetlenen bolup, dünýäde özüni aldyrmagy başardy.

Hyundai Palisade krossoweri ilkinji gezek 2018-nji ýylda tanyşdyryldy. Ol Grand Santa Fe modeliniň ornuna çykyp başlap, öňki modelden has uly göwrümlidir. Palisade modelde 7-8 oturgyç bolýar. Onuň uzynlygy 5 metr (4995 mm), ini bolsa 2 metre (1975 mm) ýetýär. 4 tekeri hem hereketli (4WD). Tizligi geçiriji karobkasy – awtomat. Maksimal kuwwaty – 277 at güýji.
Palisade sagatda 100 km tizlige 8,1 sekuntda çykýar. Benziniň ortaça sarp edilişi 100 km-e 10,6 litr.
Hereketlendirijiniň göwrümi 2,2 dizel we 3,5 benzin.

Hyundai Staria miniweni ilkinji gezek 2021-nji ýylda çykaryldy. Staria ady “star” (ýyldyz) iňlis sözünden gelip çykan.
Staria modeliniň maksimal kuwwaty 249 at güýjüne barabar. Tizligi geçiriji karobkasy – awtomat. Orun sany – 7-9. Sagatda 100 km tizlige 8,9 sekuntda ýetýär. Ortaça ýangyç sarp edişi 8,2 litr. Herekete getiriji ulgamy öňki we doly (FWD, 4WD).
Hyundai kompaniýasynyň ýurdumyzdaky resmi distribýutory bolan «Mertlik Ruhy» hojalyk jemgyýeti awtomobilleriň ählisine zawod tarapyndan 5 ýyl ýa-da 100 000 km kepillik berýär. Bu diýildigi, gönüden-göni Hyundai zawody bilen aragatnaşyk saklamak bilen, ýurdumyzdaky Hyundai merkezi awtoulag sürüjilerine islendik sorag ýüze çykanda ýakyndan ýardam etmäge taýýar.

Hyundai merkezinde awtomobilleriň satuwy bilen birlikde, awtoulaglara tehniki ideg hyzmatlary hem amala aşyrylýar.
Tölegler nagt we nagt däl görnüşde kabul edilýär.

Salgysy:
Aşgabat ş., G.Kuliýew köçesi, 58.
Habarlaşmak üçin:
+99312 75-44-85
+99371 34-76-17

Instagram: hyundai.turkmenistan
TmCars Biznes: Mertlik Ruhy HJ


düýn 21:10
1.8k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

düýn 09:43
7.4k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

01.05.2026 18:30
12k+

«Ermak» Germaniýada 50 brendiň arasynda birinji orny eýeledi!

Özbegistanyň «Ermak» brendi dünýä bazarynda ornuny berkitmegini we gerimini barha giňeltmegini dowam edýär....

30.04.2026 17:30
5.9k+

Nyrhlar kanagatlanarly dälmi? 📈ALSAT-da gowy çözgüt bar

Söwdada bazar nyrhyny kesgitlemegiň gysgaça taryhy we näme üçin akylly satyn alyş toparlary diňe görkezilen bahalara seredip, sypaýylyk bilen gynanyp ýörýänligi hakda...